Ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy

11 Mart 2021
1299

Ýurdumyzda ýaş nesle bilim bermek, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn uly üns berilýär. Döwlet ýaşlar syýasaty şol möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak; ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna içgin gatnaşmagyny üpjün etmek olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek bolup durýar. Şeýle hem, hemmetaraplaýyn ösen, halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, belent ahlaklylyk, milli ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmek; ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň şahsyýet hökmünde kämil bolmaklary üçin giň ýol açylmagyny üpjün etmek; ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin, olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam bermek bolup durýar.

Aziza HANMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.