Gözegçiliksiz otdan ägä boluň!

11 Mart 2021
1189

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzdaky ähli önümçilik senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri ýatladýar. Edaradyr kärhanalarda, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlyk çäreleri babatynda gözükdirmeler bölümleriň, gurluşlaryň, ammarlaryň, barlaghanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan işlenip taýýarlanylmaly, baş inžener tarapyndan tassyklanylmaly.

Agzalan gözükdirmä çig malyň, taýýar önümiň, önümçiligiň alnyp barlyşyna gönükdirilen howpsuzlyk çäreleri, aýratyn önümçilik tilsimatlary üçin ýangynyň öňüni alyp biljek ýörite çäreler, tilsimat enjamlaýyn ulgamyny togtatmagyňdyr ýangyn howpsuzlyk bölümleri çagyrmagyň düzgünleri, çilim çekmek, açyk ot ulanmak gadagan edilen ýerler barada maglumatlar, ýangyn hadysasy dörän halatynda, işçidir gullukçylaryň borçlary, ýangyn söndüriji serişdeleri herekete getirmegiň usullary, maddalarydyr materiallary saklamagyň tertipleridir kadalary, şeýle-de olaryň ýangyn, partlama howply häsiýetnamalary barada maglumatlar hökmany girizilmelidir.

Wepa DÖWIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 102-nji ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň maýory.