«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen badalga alan 2021-nji ýylymyzda her bir gün hoş habarlaryň buşlukçysy bolup dogýar. Şanly wakalara beslenjek bu ýylymyzda halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Ýylyň başyndan bäri ähli ugurlarda bu şanly toýlara giňden taýýarlyk görlüp, dürli mazmundaky çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Her bir ulgamda gazanylýan üstünlikler medeniýetiň, sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar. Döredijiligiň dürli ugurlaryndaky sungat eserlerde döwrümiziň ýeten beýik derejeleriniň waspy belentden ýetirilýär. Ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän eziz diýarymyzyň tarypy milli sungatymyzda döwrebap şöhlelendirilýär. Ýaş zehinlerimiziň ylham joşgunyndan döreýän sungat eserlerde döwlet Garaşsyzlygymyza bolan buýsanç göwünlere ganat berýär. Olaryň çaga kalplaryndaky Watan mukaddesligi düşünjesiniň döredijiligiň üsti bilen beýan edilmegi daş-töweregimizi gurşap duran gözellikleriň döredýän ylham joşgunyny görkezýär. Muňa diňe bir paýtagtymyzyň mysalynda hem göz ýetirmek kyn däl. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabadyň merkezinde taryhy şahsyýetlerimiziň şeýle-de döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berlen «Ylham» seýilgähi, Watanymyzyň asuda durmuşy üçin gahrymançylykly ýol geçen beýik şahsyýetlerimiziň edermenligini ebedileşdirýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Muňa ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar aýdyň subutnamadyr. Agzybir halkymyzyň her bir ugurdaky üstünliklerine ýaş nesillerimiziň dahylly bolmagy bolsa ýurdumyzyň ýagty ertirleriniň has-da röwşen boljakdygyna ynamyňy artdyrýar. Watanperwer perzentleriň terbiýesi hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döredilýän köpugurly mümkinçiliklerden gözbaş alýar. Bu mümkinçilikler Garaşsyzlygymyza buýsanç, kalplara ganat berýär.