Wepa AMANOW,
Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazysy:
— Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek zerurlygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek maksady bilen, «Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak barada parasatly tekliplerini berdi.