Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri Bitaraplygyň esas goýujy ýörelgelerine daýanyp, hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne çuň mazmun bilen baýlaşýar. Şu geçen döwrüň içinde parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özeni bolup gelýär.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şeýle hukuk ýagdaýy berlen ilkinji döwlet bolmak bilen, halkara hukugyna laýyklykda, gelip çykyşy boýunça hemişelikdir, mazmuny boýunça oňyndyr, ýagny munuň özi döwletiň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde, ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Hemişelik oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.