«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli alnyp barylýan döwlet syýasaty taryhyň gatlaryna öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. 25-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda döwlet ähmiýetli işleriň birnäçesine badalga berildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklanyldy. Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek ulgamyna-da aýratyn üns çekildi. Bu ugurda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin «Ýuridiki şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylmagynyň zerurdygy bellenildi. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralaryň işini kämilleşdirmek, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi, raýat jemgyýetiniň demokratik edaralaryň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Watanymyzy has-da ösdürmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek barada birin-birin durup geçdi.