Içerki zähmet düzgün-tertip kadalary

18 Mart 2021
1302

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 160-njy maddasy kärhanada zähmet tertibiniň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary bilen kesgitlenilýändigini kanun taýdan berkidýär. Agzalan Kodeksiň 10-njy maddasyna laýyklykda, zähmet gatnaşyklary diýlip, kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryna işgäriň tabyn bolmagyna esaslanan gatnaşyklara hem düşünilýär. Kodeksiň 13-nji maddasyna laýyklykda, işgäriň kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny berjaý etmäge borçludygy, 26-njy maddasyna laýyklykda, iş berijiniň işgäri işe kabul edende, içerki zähmet düzgün-tertibini kadalaşdyrýan resminamalar bilen tanyşdyrmaga borçludygy bellenilýär. Her bir kärhanada resmi içerki zähmet düzgün-tertip kadalarynyň bolmagy hökmanydyr. Munuň özi jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň okgunly özgerýän, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilýän we diwersifikasiýalaşdyrylýan häzirki döwründe her bir işiň hukuk binýadynyň mäkäm tutulmagynyň zerurlygy bilen hem şertlendirilýär.

Kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 10-njy bölüminiň kadalaryna görä, şol Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, işgärleri işe kabul etmegiň we işden boşatmagyň tertibini, zähmet şertnamasynyň taraplarynyň esasy hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, iş düzgünini, dynç alyş wagtyny, işgärlere ulanylýan höweslendiriş we temmi çärelerini, şeýle hem kärhanada zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki meseleleri kadalaşdyrýan kärhananyň kadalaşdyryjy namasy bolup durýar we ol iş beriji tarapyndan kärdeşler arkalaşygy ýa-da kärhananyň işgärleriniň beýleki wekilçilikli guramasy bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar hem-de köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) goşundysy bolup durýar.

Allaberdi JEPBAROW,
Lebap welaýatynyň Kerki etrap hassahanasynyň işgärler bölüminiň müdiri, hukukçy.