"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Taryha ýazylan gadymy Änew

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şöhratly taryhymyzyň şanly sahypalaryny öwrenmekdäki, milli medeniýetimizi döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmakdaky beýik işleri  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy esaslarda has baýlaşýar. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde 2023-nji ýylyň noýabrynda geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi onuň buýsançly dabaralanmasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly pikirleri,  taryhymyzyň şanly wakalary hakynda ylmy açyşlary özünde jemleýän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine sowgat bermegi döwürleriň arabaglanyşygyna çuň mazmun berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, dünýäniň taryhynda halkymyzyň mynasyp orny bar. Şonuň üçin türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir. Biz bu mirasa guwanýarys we oňa aýawly garamaga hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamaga uly üns berýäris.

Akyldary arşa göteren eser

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyryň adyny arşa göteren eser bolmak bilen, döredijilik bilen meşgullanýan ähli raýatlar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi. Şu ýerde Milli Liderimiziň şol goşgusynyň käbir setirlerine ýüzlensek ýerlikli bolar:

Agzybir maşgala — kuwwatly Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk beýik işleriniň netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet hakyndaky arzuwy hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar raýatlary halal zähmetiň hözirini görüp, asuda, abadan durmuşda agzybir ýaşaýarlar. Asyrlarboýy başyndan geçiren gowgalary, çylşyrymly taryhy wakalary türkmen halkynda durnukly milli häsiýetleri kemala getiripdir. Türkmen hut öz bedewini seýisleýşi ýaly, halysyny sünnäleýşi ýaly, öz nesline edep-terbiýe bermegi we şonuň netijesinde özünde asylly milli häsiýetleridir endikleri hem kämilligiň ýokary derejesine çykarmagy başarypdyr.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Amangeldi NAZAROW, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant: — Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde 11-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede geçen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat akyldar şahyryň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hem-de ähli halklara hormat goýmak baradaky umumadamzat ähmiýetli taglymatlarynyň çuň mazmunyny dabaralandyrdy. Dünýä ýurtlaryndan döwlet Baştutanlaryň, wekiliýetleriň, halkara guramalardan wekilleriň gatnaşmagynda geçen bu iri halkara forum halkymyzyň ruhy dünýäsinde kemala gelen medeniýetleriň adamzady  bagtyýarlyga alyp barýandygyny görkezdi.

Saglygy goramagyň hukuk binýady

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň takyk ugruny kesgitlemek bilen: «Milletiň saglygy özünde jemgyýet we döwlet üçin esasy serişdäni hem-de hakyky gymmatlygy jemleýär» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda adam saglygy hakynda edilýän alada ýurdumyzda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly başlangyjy bilen eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyrylýar.

Gidrometeorologiýa işi hakynda kanunçylyk

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelerde oba hojalyk pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Bu özgertmeler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyny, ýerli önümleriň öndürilişini we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny maksat edinýär. Şu maksatlar bilen, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda milli kanunçylygymyz döwrebaplaşdyrylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertler döredilýär.   Türkmenistanyň çäklerinde gidrometeorologik maglumaty toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligini üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň martynda «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Kanun 5 bapdan we 27 maddadan ybaratdyr.

El ýazgysy — il ýazgydy

Magtymguly Pyragy ýaşlygyndan ylmyny çykan paýhasly ýigitler bilen kyýamatlyk dogan bolup, olar bilen gatnaşyk saklapdyr. Hatda Nury Kazym hem Nazaraly bilen ömrüniň juwanlyk ýyllaryny ylym-bilim ýolunda geçiripdir. Ynha, indi bolsa Magtymguly gojalyga gol berdi. Dana Magtymguly öz obasynda örän ylymly adamlaryň biri bilen hemsyrdaş bolup, hemişe onuň bilen maslahatly ýaşapdyr. Goja Magtymgulynyň ýürekdeş  dostunyň adyna Begaly şyh diýipdirler. Magtymguly ýazan goşgularyny hökman Begaly şyha okap beripdir. Begaly goşgy ýazmasa-da, goşgudan başy çykýan, oňa çeperçilik taýdan düşünýän giň düşünjeli adam bolupdyr. Bir gün Begaly dostunyň täze ýazan şygyrlaryny diňläp, şeýle diýýär: — Magtymguly, sen gojalyk bilen ýüzbe-ýüz bolduň. Bu goşgularyňy öz eliň bilen göçürip, diwan et-de, halkymyza ýaýrat. Bular diňe bir il-günümize däl, bütin adamzada zerur. Onda-da hut öz eliň bilen ýazan diwanyň gymmaty has-da uludyr. «El ýazgysy — il ýazgydy» diýipdirler. Eliň bilen ýazanyňda mähriň ýylysy kagyza, hata geçip, her harpdan, sözden many saçylyp, ony okan her bir bendäniň ýüregine seniň ruhuň güýç berer. Sen gojalygyň pirimine özüňi aldyrma-da, Alladan güýç-kuwwat diläp, derrew goşgularyňy diwan-kitaba öwür. Allanyň rehmeti bilen ýazan her bir setiriň ony okan bendelere uçursyz güýç-gaýrat berer. Özüňem ýigdelen ýaly bolarsyň. Sebäbi ylahy şygryň içki güýji seniň ýaşaýşyň hemaýatkäri

Pyragy hakynda jaýdar jümleler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir.

Ahlak — ynsan bezegi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ruhy-ahlak taglymatlaryna eýerip, ynsanyň ömür ýolunyň dowamynda gabat gelýän synaglar babatda käbir garaýyşlarymyzy gysgajyk beýan etmegi makul bildik. Ynsanyň ömür ýoly birnäçe «duralgalardan», ýagny çagalyk, ýetginjeklik, hünär mekdebi, zähmet ýoly, maşgala, garrylyk ýaly döwürlerden ybarat. Her bir döwrüň başlanýan we tamamlanýan möhleti bolýar. Şolaryň her haýsynda ynsan dowamly döräp durýan irili-ownukly synaglary başyndan geçirýär. Synaglar ynsany taplaýar, durnukly we ygtybarly ýaşaýşa taýýarlaýar, onuň ähli babatda kämilleşmegine ýardam berýär.

Röwşen ýollarda

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy şu günler gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymy möwsüminde «ak altyn» ussatlaryny kärende meýdanlaryna gatnadýan sürüjilere öz maslahatlary bilen ýüzlenýär. Eziz ildeşler! Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynda bellenilen talaplaryndan ugur alyp, ilki bilen, sürüjiler ulaglarynyň tehniki taýdan guratlygyna doly göz ýetirmelidir.

Ösüşleriň gülleýän ýurdy

Ýaşaýyş-durmuşyň esasynda kada-kanunlar, däp-dessurlar, ýörelgeler döreýär. Biziň ýurdumyzda olar türkmeniň ata-babalaryndan miras galan ynsanperwerlik ýaly milli ýörelgelerden gözbaş alyp, jemgyýetiň sagdynlygynyň, ýurtdaky rahatlygyň, adalatyň mizemez binýadydyr. Kada-kanunlar türkmeniň ahlak medeniýetinden ugur almak bilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. Däp-dessur bolsa ata-babalarymyzyň bize wesýet eden adalatlylyk, halallyk, ynsanperwerlik, merdanalyk, rehimdarlyk ýaly milli ýörelgelerinden gelip çykýar-da, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Oňa ýazylmadyk kanun hem diýilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Moskwa şäheri, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry) Hormatly Wladimir Wladimirowiç,

Ösüşlere beslenýän Türkmenistan

Şu gün beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirilýär. Munuň özi dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürjek ajaýyp wakadyr. Galyberse-de, beýik Magtymgulynyň dostluga, agzybirlige, raýdaşlyga çagyryşlarynyň bu günki günde işjeň durmuşa geçirilýändigine her birimiziň şaýatdygymyzy bellemelidiris. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem munuň aýdyň güwäsidir. Netijede, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda dünýäde ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden belleniler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni bagtyýar durmuşymyzyň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlara, haýyrly işlere, döwletli tutumlara, zähmet ýeňişlerine hem-de taryhy wakalara beslenýär. Çünki döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysady we ruhy mümkinçiliklerini doly derejede herekete getirmek bilen bagly toplumlaýyn işleri alyp barýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Garaşsyz, özygtyýarly Türkmenistanyň kuwwatly döwlete öwrülendigi, halkymy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry) Hormatly adamlar!

Hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Islendik halkyň ykbaly döwlet Baştutanynyň öňe sürýän taglymatlary, pikir-garaýyşlary we başlangyçlary bilen berk baglanyşyklydyr. Olar, ilkinji nobatda, şol ýurduň içeri hem daşary syýasatynda şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolup, rowaçlyklara beslenýän başlangyçlary parahatçylyk dialogyny ösdürmekden, halklaryň arasynda özara düşünişmek medeniýetini kämilleşdirmekden gözbaş alýar. Halkara giňişlikde bolup geçýän wakalara ser salnanda, asylly ýörelgelerimize daýanýan garaýyşlar has-da aýdyň duýulýar. Çünki olar bu gün külli ynsanyýetiň sesi, eneleriň arzuwy, çagalaryň päk kalbynyň owazy bolup dünýä ýaň salýar. Bu garaýyşlarda ýaradylanlaryň ählisiniň içinde diňe adamzada mahsus bolan beýiklik görünýär. Moskwa şäherinde 8-nji oktýabrda geçen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem dünýäniň abadançylygynyň goralmagynyň, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň özeninde duran şol taglymatlar, başlangyçlar we pikir-garaýyşlar aýan edildi. Üns merkezindäki ugurlar

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ilatyň saglygyny goramak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmak, ýokary lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylyň martynda rejelenen görnüşde kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyklykda, saglygy goramak işini häzirki döwrüň talaplaryna esaslanyp guramak wajyp bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde kämilleşdirilmegine uly itergi berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty — rowaç tutumlara badalga

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi häkimiýet bilen halkyň bitewüligini, raýatlarymyzyň watansöýüjiligini, il-ýurt bähbitli çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga bolan jogapkärçiligini, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan beýik ynamyny, belent sarpasyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken «2025-nji  — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda», «Ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak hakynda» Permanlary halkymyz tarapyndan uly goldaw tapdy we çäksiz buýsanç döretdi.

Ýagty geljege çelgi

Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý taryhy tejribesiniň binýady asylly däplerimiziň esasynda has berkidildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçen nobatdaky mejlisi halkymyzyň hormatly Prezidentimize bolan beýik ynamynyň, Gahryman Arkadagymyza bolan egsilmez buýsanjynyň nobatdaky beýany boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji oktýabrynda geçiren halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisi Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleri döwrüň talaplaryndan we häzirki zaman ykdysady şertlerden ugur alyp, täze sepgitlere ýetirmegiň aýdyň ýoluny görkezdi. Has takygy, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde hereket etmegi amala aşyrmak babatda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda bellenen kadalaryň durmuşa geçirilişiniň ýene-de bir kämil tejribesi boldy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Ajaýyp sowgat Döwlet Baştutanymyzyň yhlasly tagallalary netijesinde ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 16-njy jildiniň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döredendigini nygtamak diýseň buýsandyryjydyr.

Pyragynyň medeni mirasy

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr, gymmatly edebi mirasdyr. Şonuň üçin hem tutuş dünýä beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň mazmun we çeperçilik taýdan kämil baý döredijiligine uly sarpa goýýar. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary netijesinde halkara jemgyýetçiliginde Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek asylly däpleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi bilen, türkmen halkynyň şöhratly taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleri, akyldarlary we şahyrlary hormatlamak, olaryň ömür-döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek babatda başy başlanan beýik işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. 2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi.