Ýaşaýyş-durmuşyň esasynda kada-kanunlar, däp-dessurlar, ýörelgeler döreýär. Biziň ýurdumyzda olar türkmeniň ata-babalaryndan miras galan ynsanperwerlik ýaly milli ýörelgelerden gözbaş alyp, jemgyýetiň sagdynlygynyň, ýurtdaky rahatlygyň, adalatyň mizemez binýadydyr.
Kada-kanunlar türkmeniň ahlak medeniýetinden ugur almak bilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. Däp-dessur bolsa ata-babalarymyzyň bize wesýet eden adalatlylyk, halallyk, ynsanperwerlik, merdanalyk, rehimdarlyk ýaly milli ýörelgelerinden gelip çykýar-da, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Oňa ýazylmadyk kanun hem diýilýär.