Gidrometeorologiýa işi hakynda kanunçylyk

17 Oktýabr 2024
253

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelerde oba hojalyk pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Bu özgertmeler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyny, ýerli önümleriň öndürilişini we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny maksat edinýär. Şu maksatlar bilen, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda milli kanunçylygymyz döwrebaplaşdyrylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertler döredilýär.  

Türkmenistanyň çäklerinde gidrometeorologik maglumaty toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligini üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň martynda «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Kanun 5 bapdan we 27 maddadan ybaratdyr.

Daňatar ABDYLLAÝEW,
Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.