Ahlak — ynsan bezegi

17 Oktýabr 2024
347

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ruhy-ahlak taglymatlaryna eýerip, ynsanyň ömür ýolunyň dowamynda gabat gelýän synaglar babatda käbir garaýyşlarymyzy gysgajyk beýan etmegi makul bildik.

Ynsanyň ömür ýoly birnäçe «duralgalardan», ýagny çagalyk, ýetginjeklik, hünär mekdebi, zähmet ýoly, maşgala, garrylyk ýaly döwürlerden ybarat. Her bir döwrüň başlanýan we tamamlanýan möhleti bolýar. Şolaryň her haýsynda ynsan dowamly döräp durýan irili-ownukly synaglary başyndan geçirýär. Synaglar ynsany taplaýar, durnukly we ygtybarly ýaşaýşa taýýarlaýar, onuň ähli babatda kämilleşmegine ýardam berýär.

Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.