Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý taryhy tejribesiniň binýady asylly däplerimiziň esasynda has berkidildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçen nobatdaky mejlisi halkymyzyň hormatly Prezidentimize bolan beýik ynamynyň, Gahryman Arkadagymyza bolan egsilmez buýsanjynyň nobatdaky beýany boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji oktýabrynda geçiren halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisi Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleri döwrüň talaplaryndan we häzirki zaman ykdysady şertlerden ugur alyp, täze sepgitlere ýetirmegiň aýdyň ýoluny görkezdi. Has takygy, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde hereket etmegi amala aşyrmak babatda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda bellenen kadalaryň durmuşa geçirilişiniň ýene-de bir kämil tejribesi boldy.