"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymgulynyň döredijiligi we halkara gatnaşyklary

Magtymguly Pyragy! Umumadamzat derejesinde pikirlenýän bu beýik ynsanyň döredijiligi, onuň agzybirlik, bitewülik hakyndaky pikirleri diňe bir türkmen halkynyň jebisligini gazanman, dünýä halklarynyň dostlaşmagyna, birek-birege bolan hormatyň gülläp ösmegine getirdi. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2023-nji ýylyň güýzünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda sözlän sözünde döredijiligi barada dünýäniň ünsüni söz ussady Magtymguly Pyragynyň daşynda jemläp, şeýle diýdi: «Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatynda däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Men öz çykyşymy Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljek nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen ýüzlenýär:

Şygryýet bossany

Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz Peşgeş berip halka ajap döwrany,Il-günüň ýürekden waspyn söýläni,Hakdan halatlydyr halkyň halany,Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz.

Akyldaryň döwletlilik taglymaty

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özünden öň ýaşap geçen türkmen akyldarlarynyň, alymlarynyň, şahyrlarynyň döwletlilik ýörelgeleri babatdaky taglymatlaryny ösdürip, täze röwüşde kämilleşdiripdir. Bu babatda Magtymguly üçin türkmeniň döwletlilik düşünjesini öwrenmekde we wagyz etmekde Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki döwleti binýat etmek, ony gurmak, dolandyrmak baradaky öňe sürlen öwüt-ündewler uly ähmiýete eýe bolupdyr. Akyldar şahyr öz pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet gurmak babatdaky pikirini öz şygyr setirlerine salyp, giň köpçülige has düşnükli dilde wagyz edipdir. Beýik akyldar türkmen halkynyň özbaşdak döwletli bolmak arzuwyny şahyrana setirlerde ussatlyk bilen beýan edipdir. Halk Magtymgulynyň döwletli bolmak islegini goldap, ýüreklerinde göteripdirler.

Pagta hasylyny ýangyndan goralyň!

Beýik ösüşlere, şanly zähmet üstünliklerine beslenýän bereketli Diýarymyzda zähmetsöýer daýhanlarymyzyň der saçyp, bütin ýylyň dowamynda ýadawsyz zähmet çekip ýetişdiren bol pagta hasylynyň ýekeje übtügini-de isrip etmän, ýitgisiz ýygnap almak, ony ýangyndan goramak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Munuň üçin pagta kabul ediş kärhanalarynda, ammarlarda aşakdaky talaplary ýerine ýetirmek zerurdyr. Hemme işçi-gullukçylar bilen ýangyn dörän halatynda ýerine ýetirilmeli borçlar barada gönükdiriş-düşündiriş işlerini geçirmeli. Pagta hasylyny kabul ediji harmanlarda, pagta arassalaýjy kärhanalarda işlediljek pagta ýükleýjileriň, pagtany dagadyjylaryň işe goýberilmezden öň, tehniki taýdan guratlygyny barlagdan geçirmeli. Barlagyň netijesi esasynda delilnama düzmeli. Pagta hasylyny ýygnaýan, daşaýan ähli tehnikalara wagtynda tehniki hyzmatlar geçirilmedir.

Watanymyza belent söýgimiz — ösüşlerimiziň kuwwat çeşmesi

Bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Bu uly baýram biziň her birimiz üçin aýratyn mana eýedir. Sebäbi ol özünde birnäçe ajaýyp taryhy wakalary jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar» diýip belleýär. Hakykatdan hem Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen başlandy. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezildi. Şowhunly ýörişi ýurdumyzyň ähli pudaklaryndan gelen wekiller dowam etdiler we olar öz çykyşla

Halk bähbitli maslahat — halkyň buýsanjy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda Maslahat köşgünde uly syýasy çäre, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gadymdan gelýän demokratik ýolumyza we ynsanperwer taglymatymyza laýyklykda, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň özara baglanyşygyny üpjün edip, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk taýdan ähli mümkinçilikler döredildi. Bu mümkinçilikler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň örän oýlanyşykly hem-de sazlaşykly dolandyrylmagyna, giň gerimli özgertmelerimiziň işjeňleşmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryş ulgamyny institusional we hukuk taýdan kämilleşdirmek babatda öňe sürýän başlangyçlary ösüşiň täze tapgyryna ynamly gadam basmaga mümkinçilikleri döredýär.

Parlament diplomatiýasynyň döwrebap gadamlary

Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýän parlament diplomatiýasy özüniň oňyn netijeleri bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklary parlament diplomatiýasy arkaly has-da ösdürilýär. Dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmekde meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisinde daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlary döredildi. Munuň özi parlament diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň birini düzýär. Hormatly Prezidentimiz: «Merkezi Aziýa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz hil taýdan täze derejä çykaryldy» diýip belleýär. Şunuň netijesinde hem Türkmenistan iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji Parlamentara forumy hem halkara hyzmatdaşlyklara gönükdirilen umumadamzat bähbitli tutumly işleriň geriminiň has-da giňeýändiginiň, dost-doganlyk gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany — Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Kämil kalbyň parahatçylyk simfoniýasy

Tereň çeşmeleriň gaýalaryň gursagyndan syzylyp çykyşy ýaly, egsilmez ylhamly, joşgunly, kämil kalpdan eýlenip çykan şygryň dady hem şirinligi üýtgeşik bolýar. Çuňňur pikir we inçe duýgy goşgynyň goşa ganatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň okyjylara serpaý eden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry hem ýürekleri heýjana salyp, haýrana goýup ynsanyň köňül asmanynda ganat ýaýýar. Her bir setiri nakyl kimin owazlanýan bu şygyr dil baýlygy, sözleriň şahyrana sazlaşygy, ýokary çeperçiligi bilen häsiýetlenýär. Geljege iň mukaddes miras bolan parahatlyk, söýgüden, mähirden, yhlasdan ybarat ömürleriň manysy, abatlyga telwas adamzadyň arzuwy hakdaky çuňňur oýlanmalara ýugrulan şygryň her bir setiri ýüregiň gürsüldisine garylýar, köňlüň soňsuz gaýtalanýan şirin hiňlenmesine öwrülýär. Asmanyň Gün, Aý, ýyldyzlar, Zeminiň daglar, deňiz-derýalar, sähralar bilen gözelleşişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu şygry pikirleri, duýgusy, many-mazmuny bilen görklenip, ýürekleri özüne baglap goýýar.

Bagtdan paýly, päk zähmetden serpaýly

Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ähli ugurlarda ýeten sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýän baýramçylykdyr. Baýram günleri ýaýbaňlandyrylan toý-dabaralaryň çäklerinde Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşan ildeşlerimiziň köp sanlysyna hormatly atlary dakmak, döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabaralary boldy. Şolaryň hatarynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, gulluk işinde tapawutlanyp, göreldeli gulluk eden harby gullukçylarymyzyň birnäçesine döwlet sylaglary, medallar gowşuryldy we ýokary derejeli harby atlar dakyldy. Biz hem bagtdan paýly, päk zähmetden serpaýly ildeşlerimizi alan Şa serpaýlary bilen gutlap, olaryň buýsançly sözlerini halkymyz bilen paýlaşmagy makul bildik. Myrat GELDIÝEW,Arkadag şäheriniň Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky müdirliginiň müdiri, uly döwlet bellige alyjysy:

Halkymyzyň buýsanjy

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralary ata-babalarymyzyň uzak taryhyň dowamynda toý-baýramlarda at çapyşyklary geçirmek ýaly ajaýyp däpleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezdi. Alym Arkadagymyzyň behişdi bedewleriň taryhy, seýislemegiň tejribeleri we olar babatdaky birnäçe ylmy açyşlary özünde jemleýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleri atşynaslarymyzyň öz işlerinde uly üstünlikleri gazanmagynda nusgalyk gollanma boldy. Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri barada tolgundyryjy hekaýatlary özünde jemleýän «Gadamy batly bedew» atly eseri Moskwada geçirilen otuzynjy halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň Baş Gran-pri baýragyna mynasyp bolupdy.

Sahawatly işler ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiz ýaş raýatyny alada bilen gurşap alýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa ýaş nesliň saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň ýene-de bir aýdyň mysalydyr» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar gowşuryldy.

Dostluk — ynsanperwerlik

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki demir ýol köprüsini açmak, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň özboluşly sowgadyna öwrüldi. Bu dabaralara Milli Liderimiziň gatnaşmagy-da iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna berilýän aýratyn ähmiýetiniň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerinden, şol sanda elektrik energiýasyndan bagtyýar halkymyz bilen birlikde, dostlukly döwletleriň raýatlary hem giňden peýdalanýarlar. Bu günki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi aýratyn bellärliklidir.

Şygryýet bossany

Halk bilen halk hormatyna Arzuw bolup Pyragynyň şygryna ornan — erkinlik,Garaşsyzlyk bilen gelen bagtyýar ýyllar ajaýyp!Aýnada özüň gören deý, göze ýakymly görk indi.Garaşsyzlyk bilen gelen bagtyýar ýyllar ajaýyp,Halk bilen halk hormatyna geňeşli günler ajaýyp!

Alkyş

(hekaýa) Maral sekiz ýaşlyja oglunyň akgaýma tahýaly başyny sypalap, posalak ýaňaklaryndan öpdi. Çaga ejesiniň ellerinden tutup, ysgady-da, çalaja titreýän elleri bilen onuň barmaklaryny gysdy:

Terbiýe mekdebiniň ussady

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin diline terjime edilendigi baradaky hoş habar akyldar şahyryň goşgularyny aňlarynda, gursaklarynda saklaýan ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ýaş nesli terbiýelemekde türkmen halkynyň taryhyny, ruhy dünýäsini bilmekde Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Sebäbi halkyň taryhynda we ruhy äleminde Magtymgulynyň döredijiligi mynasyp orun tutýar. Onuň döredijiligi jemgyýetiň dürli taraplaryny öz içine alýar. Şonuň üçin-de beýik şahyryň goşgulary söýlüp okalýar, aýdym edilip aýdylýar. Şahyryň: «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen», «Çagyrylan ýere bar, otur-da turma, çagyrylmadyk ýere barma, görünme» ýaly setirleri nakyla öwrülip gidipdir.

Ömür — öz gymmatlygymyz

Rahat uky saglygy berkitmegiň we harçlanan energiýany dikeltmegiň iň gowy usulydyr. Saglygy berkitmek üçin hökman 7-8 sagat ýatmaly. Rahat uky immun ulgamyny hem kadalaşdyrýar. Aç gezmek ýa-da artykmaç iýmek bularyň ikisi-de özüňizi duýşuňyza ýaramaz täsir edýär. Günüň dowamynda 1,5-2 litr möçberinde arassa suw içmek maslahat berilýär. Iýmitiňizdäki süýji önümleri azaldyň. Ter gök önümleri we guradylan miweleri köpräk iýmeli. Nahardan soň gezelenç etmeli, hereketde bolmaly. Gündelik iýmitiňize et we balyk, gök önümleri, miweleri, galla, süýt we süýt önümlerini goşmaly. Fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi madda çalşygynyň peselmegine, daýanç-hereket ulgamynyň kesellerine, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň näsazlyklaryna getirýär. Günde azyndan 1 sagat pyýada ýöremek maslahat berilýär. Eger-de oturyp işleýän bolsaňyz, arakesmede, hökman pyýada gezelenç etmeli.

Awtoulaglaryň tizligi

Türkmenistanyň Ýol hereketiniň kadalarynda sürüjiniň ulagyny gatnawyň köplügini, ulagyň we ýüküň aýratynlygyny, ýagdaýyny, ýol we howa şertlerini, hususan-da, hereketiň ýagdaýyny nazara almak bilen, kadalaryň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berýän hem-de bellenen çäklendirmelerden geçmeýän tizlik bilen sürmelidigi bellenilýär. Kadalarda sürüjilere: — ilatly ýerlerde ulaglaryň 60 kilometr/sagatdan ýokary bolmadyk tizlik bilen hereket etmäge;

Ýolagçylaryň borçlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň asuda, abadan ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň, pyýadalaryň hem-de ýolagçylaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegine berk gözegçiligiň amala aşyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Durmuşa geçirilýän aýdyň wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýol hereketine gatnaşýan sürüjileriň hem-de pyýadalaryň borjunyň bolşy ýaly, ulagda barýan ýolagçynyň hem borjunyň bardygyny ýatladýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar!