Bagtdan paýly, päk zähmetden serpaýly

3 Oktýabr 2024
329

Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ähli ugurlarda ýeten sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýän baýramçylykdyr. Baýram günleri ýaýbaňlandyrylan toý-dabaralaryň çäklerinde Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşan ildeşlerimiziň köp sanlysyna hormatly atlary dakmak, döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabaralary boldy. Şolaryň hatarynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, gulluk işinde tapawutlanyp, göreldeli gulluk eden harby gullukçylarymyzyň birnäçesine döwlet sylaglary, medallar gowşuryldy we ýokary derejeli harby atlar dakyldy. Biz hem bagtdan paýly, päk zähmetden serpaýly ildeşlerimizi alan Şa serpaýlary bilen gutlap, olaryň buýsançly sözlerini halkymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Myrat GELDIÝEW,
Arkadag şäheriniň Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky müdirliginiň müdiri, uly döwlet bellige alyjysy:

«Adalat».