Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýän parlament diplomatiýasy özüniň oňyn netijeleri bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklary parlament diplomatiýasy arkaly has-da ösdürilýär. Dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmekde meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisinde daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlary döredildi. Munuň özi parlament diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň birini düzýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Merkezi Aziýa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz hil taýdan täze derejä çykaryldy» diýip belleýär. Şunuň netijesinde hem Türkmenistan iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji Parlamentara forumy hem halkara hyzmatdaşlyklara gönükdirilen umumadamzat bähbitli tutumly işleriň geriminiň has-da giňeýändiginiň, dost-doganlyk gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.