Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiz ýaş raýatyny alada bilen gurşap alýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa ýaş nesliň saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň ýene-de bir aýdyň mysalydyr» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar.
Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar gowşuryldy.