Beýik ösüşlere, şanly zähmet üstünliklerine beslenýän bereketli Diýarymyzda zähmetsöýer daýhanlarymyzyň der saçyp, bütin ýylyň dowamynda ýadawsyz zähmet çekip ýetişdiren bol pagta hasylynyň ýekeje übtügini-de isrip etmän, ýitgisiz ýygnap almak, ony ýangyndan goramak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Munuň üçin pagta kabul ediş kärhanalarynda, ammarlarda aşakdaky talaplary ýerine ýetirmek zerurdyr.
Hemme işçi-gullukçylar bilen ýangyn dörän halatynda ýerine ýetirilmeli borçlar barada gönükdiriş-düşündiriş işlerini geçirmeli. Pagta hasylyny kabul ediji harmanlarda, pagta arassalaýjy kärhanalarda işlediljek pagta ýükleýjileriň, pagtany dagadyjylaryň işe goýberilmezden öň, tehniki taýdan guratlygyny barlagdan geçirmeli. Barlagyň netijesi esasynda delilnama düzmeli. Pagta hasylyny ýygnaýan, daşaýan ähli tehnikalara wagtynda tehniki hyzmatlar geçirilmedir.