Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki demir ýol köprüsini açmak, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň özboluşly sowgadyna öwrüldi.
Bu dabaralara Milli Liderimiziň gatnaşmagy-da iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna berilýän aýratyn ähmiýetiniň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerinden, şol sanda elektrik energiýasyndan bagtyýar halkymyz bilen birlikde, dostlukly döwletleriň raýatlary hem giňden peýdalanýarlar. Bu günki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi aýratyn bellärliklidir.