Halk bähbitli maslahat — halkyň buýsanjy

3 Oktýabr 2024
320

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda Maslahat köşgünde uly syýasy çäre, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Gadymdan gelýän demokratik ýolumyza we ynsanperwer taglymatymyza laýyklykda, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň özara baglanyşygyny üpjün edip, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk taýdan ähli mümkinçilikler döredildi. Bu mümkinçilikler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň örän oýlanyşykly hem-de sazlaşykly dolandyrylmagyna, giň gerimli özgertmelerimiziň işjeňleşmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryş ulgamyny institusional we hukuk taýdan kämilleşdirmek babatda öňe sürýän başlangyçlary ösüşiň täze tapgyryna ynamly gadam basmaga mümkinçilikleri döredýär.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.