Kämil kalbyň parahatçylyk simfoniýasy

3 Oktýabr 2024
361

Tereň çeşmeleriň gaýalaryň gursagyndan syzylyp çykyşy ýaly, egsilmez ylhamly, joşgunly, kämil kalpdan eýlenip çykan şygryň dady hem şirinligi üýtgeşik bolýar. Çuňňur pikir we inçe duýgy goşgynyň goşa ganatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň okyjylara serpaý eden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry hem ýürekleri heýjana salyp, haýrana goýup ynsanyň köňül asmanynda ganat ýaýýar.

Her bir setiri nakyl kimin owazlanýan bu şygyr dil baýlygy, sözleriň şahyrana sazlaşygy, ýokary çeperçiligi bilen häsiýetlenýär. Geljege iň mukaddes miras bolan parahatlyk, söýgüden, mähirden, yhlasdan ybarat ömürleriň manysy, abatlyga telwas adamzadyň arzuwy hakdaky çuňňur oýlanmalara ýugrulan şygryň her bir setiri ýüregiň gürsüldisine garylýar, köňlüň soňsuz gaýtalanýan şirin hiňlenmesine öwrülýär. Asmanyň Gün, Aý, ýyldyzlar, Zeminiň daglar, deňiz-derýalar, sähralar bilen gözelleşişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu şygry pikirleri, duýgusy, many-mazmuny bilen görklenip, ýürekleri özüne baglap goýýar.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW,
«Adalat».