Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr, gymmatly edebi mirasdyr. Şonuň üçin hem tutuş dünýä beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň mazmun we çeperçilik taýdan kämil baý döredijiligine uly sarpa goýýar. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary netijesinde halkara jemgyýetçiliginde Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek asylly däpleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi bilen, türkmen halkynyň şöhratly taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleri, akyldarlary we şahyrlary hormatlamak, olaryň ömür-döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek babatda başy başlanan beýik işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. 2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi.