Türkmenistanyň Halk Maslahaty — rowaç tutumlara badalga

10 Oktýabr 2024
325

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi häkimiýet bilen halkyň bitewüligini, raýatlarymyzyň watansöýüjiligini, il-ýurt bähbitli çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga bolan jogapkärçiligini, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan beýik ynamyny, belent sarpasyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken «2025-nji  — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda», «Ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak hakynda» Permanlary halkymyz tarapyndan uly goldaw tapdy we çäksiz buýsanç döretdi.

Nurjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.