Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri sahawatly işler bilen dowamat-dowama beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekmegi ýurdumyzda her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmakda alnyp barylýan ynsanperwer işleriň nobatdaky beýany boldy.
Hormatly Prezidentimiziň: «Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys» diýen parasatly sözleri bolsa her bir ynsanda bagyşlamak, ötünji kabul etmek ýaly ýagşy häsiýetleri terbiýeleýär.