Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-logistik mümkinçilikleri barha artdyrylýar. Häzirki wagtda howa, suw, demir ýol gatnawlaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, täze-täze gara ýollary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Döwrebap ýollar şäherde, şäherara gatnawlarda halkymyza uly amatlyklary döredýär. Şeýlelik-de, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hem döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Ýol hereketi we onuň bilen bagly hukuk bozulmalary Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiň «Ulaglarda, ýol hojalygy we aragatnaşyk çygrynda administratiw hukuk bozulmalary» atly 14-nji babynda öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, kodeksiň 439-njy maddasyna laýyklykda, göz öňünde tutulan administratiw toparlary, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri hem seredýärler. Kodeksiň 445-nji maddasyna laýyklykda, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri administratiw hukuk bozulmalary baradaky işlere olaryň pudaklaýyn degişliligine garamazdan seretmäge haklydyrlar. Şunda etrap kazyýetleri ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly ulag serişdeleriniň ýol hereketine päsgelçilik döremegine ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň emele gelmegine getirýän toparlaýyn hereketiň edilendigi üçin, serhoş ýagdaýda ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy ýa-da olary serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga rugsat edilendigi üçin, ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy, sürüjilik şahadatnamasy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy çäklendirilen adamlaryň şolary dolandyrandygy üçin, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ygtyýarly işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerini taşlap gitmegi we gözden geçirişden geçmekden boýun gaçyrandygy üçin, ýol hereketiniň kadalary bozulyp, onuň heläkçilik çekeniň synasyna şikes ýa-da maddy taýdan düýpli zyýan ýetirmegine getirilendigi üçin, pyýadalaryň we ýol hereketine beýleki gatnaşyjylaryň hereketiň kadalaryny bozandygy üçin, ýol hereketiniň kadalarynyň fiziki şahslar tarapyndan gaýtadan bozulandygy üçin, ulag serişdeleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň saklanyş we peýdalanyş kadalarynyň bozulandygy üçin administratiw etmişlerine seredýärler. Galyberse-de, özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň arzasy boýunça ýa-da onuň administratiw hukuk bozulma wakasy bilen bagly ylalaşmaýan ähli halatlarynda beýleki ygtyýarly edaralar ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly administratiw hukuk bozulmasy baradaky gaýry işleri kazyýetiň seretmegine berýärler.