Görnükli söz ussady, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çäreleriň her bir pursady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň halkara derejedäki şöhratyny çuň mazmun bilen baýlaşdyrýan beýik işlerini dabaralandyrýar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 10-njy oktýabrda ýurdumyza bolan resmi saparynyň wakalarynda hem muny aýdyň görmek bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň «Laçyn» seýilgähinde bina edilen gazak halkynyň beýik şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ajaýyp mysaly boldy. Beýikligi 7 metrden geçýän bu heýkelde gazak şahyrynyň halklary dostluga, ynsanlary ýagşylyga, haýyrly işlere çagyrýan keşbi ussatlyk bilen döredilipdir.