Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde ylym-bilim alyp, ruhy hem beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär.
Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri dogrusynda geljegimiz bolan ýaş nesliň garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek biziň her birimiz üçin hökmany zerurlykdyr. Şonuň üçin çagalaryň janyny, saglygyny ýangyn howpundan gorap saklamak, bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ygtybarly üpjün etmek, her bir işgäriň bu düzgünleri bilmeklerini, şeýle-de olary doly, dogry ýerine ýetirmeklerini gazanmak biziň wezipämizdir.