"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gadymy Änew söwda-kerwen ýolunyň iri halkasy

Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky üstünliklerini täze belentliklere çykarýan «Pähim-paýhas ummany  Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»  atly  dürdäne eserindäki «Ýurduň taryhynda bellenilip geçilýän şanly wakalar göwün joşduryjy ýakymly täsiri bilen adamlaryň ýadynda galýar» diýen parasatly sözleriniň hakykatyny dabaralandyrýar.  Halkara jemgyýetçiliginde nygtalyşy ýaly, medeniýetleriň dostlugy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň ýoluny gurýar. Hyzmatdaşlyk ýollary bolsa ykdysadyýetleri ösdürýär. Ykdysadyýetleriň ösmegi bolsa halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Bagtyýar durmuş bolsa medeniýetleri dostlugyň we hyzmatdaşlygyň täze dessurlar bilen baýlaşmagyna ýardam edýär.  Şonuň özi hem medeni çäreleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýändigini görkezýär.

Türkmenistan halkara aragatnaşyk ulgamynyň möhüm merkezi

Düýn ýurdumyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty açyldy. Munuň özi ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetli wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz tehnologik ösüş babatda uly üstünliklere eýe bolýar. Häzirki wagtda innowasion düzüme ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn sanlylaşdyrylmagyna hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, şol sanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Arkadag şäheri: sanly konsepsiýanyň, oýlap tapyşlaryň ornaşdyrylýan mekany

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işler diýseň buýsandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» bolsa ýurdumyzda innowasion ösüşleri durmuşa geçirmegiň hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan paýhasyndan gurlan Arkadag şäheri sanly çözgütleriň iň soňky gazananlaryny özüne birleşdirýän sebitde ilkinji «akylly» şäher bolmak bilen, adamlarda parahat hem sapaly durmuşda döredijilikli işlemegiň joşgunyny döredýär. Arkadag şäherinde ylmyň iň soňky gazananlarynyň şeýle netijeli ornaşdyrylyşy ony geljegiň şäheri adyna eýe edýär. Şäher gurluşygy babatda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeli ýurtlary hem sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ajaýyp şäherde ekologiýa abadançylygy, «ýaşyl» tehnologiýalar bilen birlikde, sanly ulgamyň täzeçillikleriniň iň soňkularynyň ornaşdyrylyşyny döwrebap tejribe hökm

Sebitde ilkinji

Mälim bolşy ýaly, 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň  kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda myhman döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy. Onda müdirlik tarapyndan Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmakda gazanylan uly üstünlikler ykrar edilýär we hemmeler üçin raýatlyga bolan hukuklary goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigi beýan edilýär.  Şeýle hem şol gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Bu foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Onda Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemi jemlenildi.

Sport diplomatiýasy rowaçlanýar

Gözel paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap Tennis toplumynda «Aşgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşy gyzykly, çekeleşikli hem-de ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýçdür. Türgenler agzybirlik bilen güýç synanyşýarlar, bäsleşýärler. Olardan ukyplylar, erjeller ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, gazanylýan netijeler sportuň diňe bir türgenleriň arasyndaky medallar ugrundaky ýaryşlar däldigini görkezmek bilen, asudalygy we agzybirligi kepillendirýän gatnaşyklaryň binýady hasaplanylýar. Halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň bedenlerini berkitmegi, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler öz ajaýyp netijelerini berýär. Halkara, sebitara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanýan ýeňişleriniň barha artýandygy ýurdumyzda sporta döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Buýsandyryjy üstünlikleri bilen watandaşlarymyzyň guwanjyna eýe bolýan türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigini 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleý

Ýaşlar — Watanymyzyň işjeň güýji

Ynsan ömrüniň iň gyzykly hem-de ählitaraplaýyn mümkinçiliklere baý bolan döwri ýaşlykdyr. Ýaşlykda güýç, hyjuw, gözellik bar. Ýaşlyk egsilmeýän gujur-gaýratlylyk. Ýaşy birçene baran gojalaram ýaşlygy hakyndaky ýatlamalaryndan arasyny üzesleri gelmeýär. Maşgalada ýaşlara uly umyt bilen seredilýär. Olaryň ukyp-başarnygyna bil baglanylýar. Ähli çekilýän zähmet ýaşlaryň bagtyýarlygyny gazanmak üçindir. Ähli aladalar ýaşlaryň gazanylan baýlyklara mynasyp eýe bolmagyny üpjün etmekdir. Elbetde, bu döwlet derejesinde seredeniňde-de, syýasy nukdaýnazarda hem hut şeýledir.

Kinematografiýa sungatynyň döwrebap hukuk binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji noýabrynda gözel paýtagtymyzda  «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň festiwala  gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyzda halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bütin dünýäde ykrar edilýär» diýip bellemegi, ýurdumyzda sungata belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr. Arkadagly eýýamymyzda türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň bir akabasyna, umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Şu ýylyň 19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde medeniýet babatda garalan döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleleriň hatarynda medeniýet ulgamynda ýurdumyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyny hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda ç

Jemgyýet we zenanlar

Türkmenistan halkara giňişliginde alyp barýan işlerini döwrüň ýüze çykaran meselelerini dünýäň ýagdaýlaryny nazara almak bilen amala aşyrýar. Türkmen Bitaraplygynyň ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlar eziz Diýarymyzyň, şol çäkde beýleki döwletleriň hem ynsanperwer gatnaşyklarda öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmegine, ösüş maksatlaryna ýetmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şu ýylyň sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde «BMG-de Zenanlar» düzüminiň guramagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» meseleleri boýunça duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga «BMG-de Zenanlar» düzüminiň halkara maslahatçylary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentlerinden, ministrliklerinden we degişli pudaklaýyn edaralaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşdy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Maýsa BERDIÝEWA, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi: — Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklar, netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň has-da berkemegini şertlendirdi. Bu şanly ýylyň dowamynda dürli görnüşli maslahatlardyr festiwallar geçirildi. Bu günki gün paýtagtymyzda geçirilýän Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ajaýyp sungat baýramy — «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Gazanylýan medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini, raýatlarymyzyň kalbynda dostlugy berkitmäge ýardam berýär.

Ynsanperwerlik ýörelgesi

Ýurdumyz Merkezi Aziýada BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna saýlanan ýeke-täk döwletdir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzda BMG we beýleki guramalar bilen bilelikde, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklary doly üpjün edilýär. Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalarynda bellenen kadalar «Bosgunlar hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» we «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrylandyr. «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň 6-njy maddasynda daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga we ondan gitmäge rugsat bermek hakyndaky düzgünler beýan edilýär. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, wiza esasynda döwletimiziň çäklerine gelip we onda bolup bilerler. Daşary ýurtlylaryň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlaryň döwletimize ýaşamak üçin gelmegi milli kanunçylygymyzda bellenilen tertipde berlen Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan milli kanunçylykda bellenilen tertipde raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy berlen raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäginde wizasyz ýaşaýarlar, ýol r

Döwletlilik taglymaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, her bir türkmen raýaty pederlerimiziň arzuwlan berkarar ýurdunyň raýatydygyna guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. Hukuk döwletimizde kanunyň mizemezligini gazanmak, Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek möhüm wezipe bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň  dana Pyragy  bilen baglanyşdyrylmagynda uly many bar. Munuň özi türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine goýulýan bimöçber hormatyň nyşanydyr. Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny äleme äşgär eden beýik söz ussady her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldaryň halkyň söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň ebedi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň,  ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçegi bolup halkymyzyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär.

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2025/2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 ýyl. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haky we umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Sagdyn diş — sagdyn beden

Dişleriň kariýesiniň, dişýany dokumalaryň we agzyň nemli bardasynyň keselleriniň öňüni almak meselesi stomatologiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Ol keseller adamda aýry-aýry sebäpleriň täsir etmeginiň netijesinde döreýär. Şoňa görä-de, profilaktika — degerli anyk çäreleriň kompleksi bolup, kesel döredýän amatsyz şertleriň döremeginiň ýa-da olaryň belli bir sebäplerine täsir edýän şertleriň öňüni almaga gönükdirilendir. Dişleri arassalaýjylaryň biri diş çotgasydyr. Diş çotgasy dişleri arassalamak we olara derman sürtmek üçin esasy guraldyr. Diş çotgalary özleriniň tüý çogdamlarynyň görnüşi, ýerleşişi we gatylyk-ýumşaklygy bilen tapawutlanýarlar. Diş çotgalarynyň tüý çogdamlary ýerleşende biri-birine ýapgyt bolup, konusy ýada salmalydyr. Şeýle görnüşde ýerleşenlerinde tüý çogdamlary dişler arassalanýan wagty dişara boşluklaryna aňsat girip bilýärler we şol ýerleri töweregi bilen göwnejaý arassalaýarlar. Çagalaryň we uly adamlaryň diş çotgalarynyň görnüşleri aýratyndyr. Olar stomatolog lukmanyň maslahaty boýunça adamyň ýaşyna we agzynyň ýagdaýyna baglylykda saýlanylmalydyr. Emeli tüýli diş çotgalar gatyrak bolup, belli bir ýagdaýlarda, dişleriň gaty dokumalaryny sürtüp, amatsyz täsir edip bilerler.

Tagzym

Edil janly ýaly. Äpet ýolbars sol aýagyny öňe uzadyp, başyny çalaja egip, tagzym edip duran ýaly. Edil alnynda däl-de, sag gapdalragynda duran uzynakdan arryklaç, başy şypyrmaly, elleri uzynak, barmaklary gabarçakdan ýaňa bogun-bogun bolup giden, çopantak adam giň aýasyndaky ýogyndan egriräk çomur tikeni ýolbarsa görkezip, «şu seniňki» diýip durana meňzeş.  Ussatlygyňa aperin seniň! Gör-ä, Saragt Babaýew halypa eýlän palçygyna jan beren ýaly edäýipdir. Kesp-kär ezelden berlende şeýle bolýandyr-da, elbetde.

Syr

Iki goňşy ýaşapdyr. Olaryň biriniň öýünde günde goh, beýlekisiniňkide asudalyk bolupdyr. Birinji goňşynyň aýaly adamsyna: «Bar, git-de goňşylary görüp gaýt. Nädip olar goh-galmagalsyz ýaşaýarka?» diýipdir. Adamsy baryp görse, goňşynyň aýaly öýüň agaç düşemesini ýuwup ýören eken. Aýal aşhana gidensoň, adamsy bedrä büdräp, onuň suwuny dökýär. Aýaly gelip:

Hormatly okyjylar!

2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Adalat» gazetiniň elektron hem-de kagyz görnüşine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. «Adalat» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylmalydygyny  ýatladýarys. «Adalat» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen, şol bukjada jemi 27 sany ýurdumyzda neşir edilýän merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat  gazetlerini hem okap bilersiňiz. Abuna ýazylmaga howlugyň!

Asuda ýurt — bagtyýar halk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm ugry

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri jemgyýetimiziň ähli wekilleriniň gatnaşmagynda yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda alnyp barylýan netijeli işler, türgenlerimiziň iri halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär. Ynsan saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen sport ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler berk bedenli nesilleriň kemala gelmegini, raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen. Sport — diňe bir saglyga oňyn täsir etmän, eýsem, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine giň ýol açýar. Türkmenistan sport hyzmatdaşlygyna ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky ynamy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garaýar.

Ýaşlaryň durmuş goraglylygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar boýunça üstünlikler, uly ösüşler gazanylýar. Şeýle ösüşleriň hatarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeleri, milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyny aýratyn bellemek zerurdyr.  Ata Watanymyzda her bir adamyň abadan hem-de bagtyýar ýaşamagyny göz öňünde tutmak bilen, raýatlarymyzyň hukuklarydyr azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alýan döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän ynsanperwer taglymaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge, döwlet häkimiýetiniň täze edaralaryny we raýat jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny giňeltmek we hemmetaraplaýyn goramak üçin zerur bolan şertleri döredýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň baş maksady bolsa,  Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasynda beýanyny tapan «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen baş ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gönükdirilýär.