Tagzym

14 Noýabr 2024
216

Edil janly ýaly. Äpet ýolbars sol aýagyny öňe uzadyp, başyny çalaja egip, tagzym edip duran ýaly. Edil alnynda däl-de, sag gapdalragynda duran uzynakdan arryklaç, başy şypyrmaly, elleri uzynak, barmaklary gabarçakdan ýaňa bogun-bogun bolup giden, çopantak adam giň aýasyndaky ýogyndan egriräk çomur tikeni ýolbarsa görkezip, «şu seniňki» diýip durana meňzeş.

 Ussatlygyňa aperin seniň! Gör-ä, Saragt Babaýew halypa eýlän palçygyna jan beren ýaly edäýipdir. Kesp-kär ezelden berlende şeýle bolýandyr-da, elbetde.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.