Ynsanperwerlik ýörelgesi

14 Noýabr 2024
183

Ýurdumyz Merkezi Aziýada BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna saýlanan ýeke-täk döwletdir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzda BMG we beýleki guramalar bilen bilelikde, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklary doly üpjün edilýär. Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalarynda bellenen kadalar «Bosgunlar hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» we «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrylandyr. «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň 6-njy maddasynda daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga we ondan gitmäge rugsat bermek hakyndaky düzgünler beýan edilýär.

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, wiza esasynda döwletimiziň çäklerine gelip we onda bolup bilerler. Daşary ýurtlylaryň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlaryň döwletimize ýaşamak üçin gelmegi milli kanunçylygymyzda bellenilen tertipde berlen Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan milli kanunçylykda bellenilen tertipde raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy berlen raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäginde wizasyz ýaşaýarlar, ýol resminamasy boýunça gidýärler we ýurdumyza gelýärler. Ynsanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.

Ilmämmet NOBADOW,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.