Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri jemgyýetimiziň ähli wekilleriniň gatnaşmagynda yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda alnyp barylýan netijeli işler, türgenlerimiziň iri halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär. Ynsan saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen sport ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler berk bedenli nesilleriň kemala gelmegini, raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen.
Sport — diňe bir saglyga oňyn täsir etmän, eýsem, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine giň ýol açýar. Türkmenistan sport hyzmatdaşlygyna ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky ynamy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garaýar.