Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

14 Noýabr 2024
189

Maýsa BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi:

— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklar, netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň has-da berkemegini şertlendirdi. Bu şanly ýylyň dowamynda dürli görnüşli maslahatlardyr festiwallar geçirildi. Bu günki gün paýtagtymyzda geçirilýän Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ajaýyp sungat baýramy — «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Gazanylýan medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini, raýatlarymyzyň kalbynda dostlugy berkitmäge ýardam berýär.

«Adalat».