Ýaşlaryň durmuş goraglylygy

7 Noýabr 2024
214

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar boýunça üstünlikler, uly ösüşler gazanylýar. Şeýle ösüşleriň hatarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeleri, milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyny aýratyn bellemek zerurdyr.

 Ata Watanymyzda her bir adamyň abadan hem-de bagtyýar ýaşamagyny göz öňünde tutmak bilen, raýatlarymyzyň hukuklarydyr azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alýan döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän ynsanperwer taglymaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge, döwlet häkimiýetiniň täze edaralaryny we raýat jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny giňeltmek we hemmetaraplaýyn goramak üçin zerur bolan şertleri döredýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň baş maksady bolsa,  Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasynda beýanyny tapan «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen baş ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gönükdirilýär. 

Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy.