Ynsan ömrüniň iň gyzykly hem-de ählitaraplaýyn mümkinçiliklere baý bolan döwri ýaşlykdyr. Ýaşlykda güýç, hyjuw, gözellik bar. Ýaşlyk egsilmeýän gujur-gaýratlylyk. Ýaşy birçene baran gojalaram ýaşlygy hakyndaky ýatlamalaryndan arasyny üzesleri gelmeýär.
Maşgalada ýaşlara uly umyt bilen seredilýär. Olaryň ukyp-başarnygyna bil baglanylýar. Ähli çekilýän zähmet ýaşlaryň bagtyýarlygyny gazanmak üçindir. Ähli aladalar ýaşlaryň gazanylan baýlyklara mynasyp eýe bolmagyny üpjün etmekdir. Elbetde, bu döwlet derejesinde seredeniňde-de, syýasy nukdaýnazarda hem hut şeýledir.