Welosiped sportunyň peýdasy

24 Oktýabr 2024
290

Welosiped sürmek adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi adamyň keýpini çaglaýar, şähdini açýar, gujur-gaýratyny artdyrýar, onuň nerw ulgamyny pugtalandyryp, bedeniniň berkemegine getirýär. Welosiped sürýän ynsanyň ähli myşsalary hereketlenýär we bedeninde gan aýlanyşyň tizleşmegi, mikrosirkulýasiýanyň gowulaşmagy bolup geçýär. Bu bolsa bedeniň ähli agzalaryna barýan ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna, olardaky öýjükleriň işleriniň gowulaşmagyna täsir edýär. Ynsan bedeninde madda çalşygynyň gowulaşmagy netijesinde onuň arterial gan basyşy kadalaşýar, dem alşy çuňlaşýar we öýkende gan çalşygy ýokarlanýar.

Welosiped sürmek ýürek-damar, dem alyş ulgamlarynyň işlerine oňyn täsir edip, bedeni berkidýär hem-de immunitetiň ýokarlanmagyna getirýär. Şeýlelikde, ynsan bedeniniň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokarlanýar. Welosiped sürmek ýürek myşsalaryny berkidip, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Welosiped sürlen wagtynda, esasy hereket aýak myşsalaryna we oňurganyň bil bölümine düşýär. Bu bolsa gan damarlaryndaky warikoz kesellerini bejermekde örän peýdalydyr.

Şähribossan HANGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller kafedrasynyň kliniki ordinatory.