Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrundaky döwletli başlangyçlary ildeşlerimiziň tutanýerli zähmeti bilen sazlaşyp, döwletli tutumlar rowaçlyklara beslenýär. Ajap eýýamymyzyň her bir gününde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler taryhyň şanly sahypalaryny ýazýar.
15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasynyň taýýarlanylýandygy, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmeleriňdir goşmaçalaryň girizilýändigi barada aýdyldy.