Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

21 Noýabr 2024
210

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şu ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlarda ýurdumyzyň gün tertibindäki dört ugry, ýagny parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer meseleler boýunça ugurlary goldamak barada karara gelnendigi barada nygtaldy.

Ata-babalarymyz parahatçylygyň bar ýerinde gülläp ösüşiň bolýandygyny nygtap, durmuşynda hem şol ýörelgelerden ugur alypdyrlar. Akyldar şahyrymyzyň ylym öwreden ussady — pederi Döwletmämmet Azady hem döredijiliginde döwletliligiň, adalatly hökümdarly döwletiň zeruryýetini içginden-içgin beýan edipdir.

Rahman Hojiýew,
Mary welaýat kazyýetiniň başlygy.