Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

21 Noýabr 2024
165

Döwrebap ulgam

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybir halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Döwlet
Baştutanymyzyň görkezmesi esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar. Bu bolsa Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Halkymyzyň eşretli geljegi ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun.