Hukuk maslahaty

21 Noýabr 2024
192

Zähmet rugsadynyň kadalary

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 50-nji maddasynda her bir adamyň dynç almaga hukugynyň bardygy we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdygy, döwlet adam üçin dynç almaga we boş wagtyny peýdalanmaga amatly şertleri döredýändigi barada konstitusion-hukuk kepillendirmesi berkidilýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 83-nji maddasynda ýurdumyzda işleýän raýatlaryň şu kanunçylyga laýyklykda, her ýylky tölegli esasy rugsada, şeýle hem rugsatlaryň beýleki görnüşlerini almaga hukuklarynyň bardygy kesgitlenilýär.