Toý-baýramly eziz Diýar gül açýar

14 Noýabr 2024
218

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty ösüş-özgerişli ýoluň dowamata beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

8-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde habar berlişi ýaly, kabul edilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ösüş depgini 6,3 göterime barabar boldy. Bu görkezijiniň senagat pudagynda 2,5 göterime, gurluşykda 10,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň bolmagy ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýändiginiň nyşanydyr.

«Adalat».