Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir. Şoňa görä-de, biz iň gowy zatlarymyzy olara bagyşlaýarys we bu hemişe-de şeýle bolar» diýmek bilen, çagalarymyzyň okamaklary, oňat dynç almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinini açmaklary üçin geljekde-de yzygiderli alada ediljekdigini nygtaýar. Ýaş nesilleriň döwletiň özleri barada alada edýändigini we goldawyny hemişe duýup ýaşamaklary bolsa bagtyýar geljegimiziň kepilidir.
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 20-nji noýabrynda tutuş dünýä jemgyýetçiliginde Çaganyň bütindünýä güni bellenilýär. Hut şol senede 1959-njy ýylda Çaganyň hukuklarynyň Jarnamasy, 1989-njy ýylda bolsa BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasy kabul edildi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklan Türkmenistanda hem Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesiller aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegi 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işinde has aýdyň görünýär. Onuň guwandyryjy netijeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly şygarynyň çaga durmuşyndaky dabaralanmasydyr.