Mähriban adamlar, öýüňizden, iş ýeriňizden çykyp gitmeziňizden öň, elektrik-gaz enjamlaryňyzyň öçürilendigini barlamagy unutmaň! Elektrik, gaz enjamlaryny işjeň ýagdaýda, köp wagtyň dowamynda gözegçiliksiz goýmagyň örän howpludygyny unutmaň! Durmuşda ulanylýan elektrik, gaz enjamlaryna geleňsizlik bilen çemeleşmegiň, kähalatlarda bolsa oňa sowuk-sala garamagyň garaşylmadyk nogsanlyklaryň üstünden eltýändigini ýatdan çykarmaň!
Elektrik hem-de gaz enjamlary biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirýän amatlyklardyr. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, öýleriň gaz we elektrik ulgamynyň gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly. Daşky örtügi zaýalanan, zeper ýeten, köne elektrik geçirijilerini çalyşmaly. Elektrik ulgamyna bir wagtyň özünde çendenaşa köp elektrik sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermeli däl. Elektrik gyzdyryjy enjamlaryny öý goşlarynyň, mebelleriň, penjireleriň tutularynyň golaýynda goýmak gadagan edilýär.