Milli gymmatlyklaryň halkara hukuk esaslary

28 Noýabr 2024
207

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Onuň maksatlarynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orunda durýar. Ýurdumyz medeni mirasy gorap saklamakda we ony halkara derejesinde wagyz etmekde möhüm üstünlikleri gazandy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Döwletimiz bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylda kabul edildi. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy.

Jemal GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.