Süýji dilli, güler ýüzli bir ýigit bal satýarmyş. Ol şeýlebir nurana, özüne çekiji ýigitmiş welin, mähirli ýylgyryşy bilen köňüllerde ýer edip, halka ýaranmyş.
Ol şeýle özüne çekiji mylaýym ýigitmiş welin, örän pes hilli bal satsa-da, alyjylar onuň elinden baly şerbet hökmünde kabul etjekmişler. Günleriň birinde bir adam bu ýigidiň söwdasyny görýär we onuň gazanjyna göriplik edýär. Ertesi gün ol adam başynda baly, ýüzünde «sirkesi» bilen şähere aýlanyp başlaýar. Gykylyklap, köçe-köçe aýlanyp, balyny satjak bolýar. Emma näme üçindir balyna müşderi-hä aňyrda dursun, siňekdir, mör-möjeklerem gonmaýar. Ol adam uzakly gün surnugyp, agşam gaty gamgyn we gahar-gazaply, eli gazançsyz öýüne gaýdýar. Gahardan ýaňa ýüzi-gözi gamaşyp duran adamsyny gören aýaly degişme äheňinde: «Ýüzi turşy bolanyň, baly ajy bolar, güler ýüz ynsanlary özüne çekýär» diýýär.