Aşyrmuhammet MARLIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi:
— Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Biz merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýip, buýsançly nygtaýar. Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň 6-njy noýabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi onuň aýdyň beýany boldy.