Watanymyzyň nurana geljegi

7 Noýabr 2024
232

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatly tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän  maksatnamalar «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzyň çaga durmuşyndaky dabaralanmasy bolup kalplary joşdurýar.

Esasy Kanunymyzda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar. Adam hukuklary boýunça  halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň ynsanperwerlik, sahawatlylyk, hoşamaý garaýyşlar baradaky ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmuny siňen «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda»,  Bedenterbiýe we sport hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksler hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar çagalaryň sagdyn we erkin durmuşda bagtyýar ulalmaklary üçin geçirilýän işleriň hukuk binýady bolup hyzmat edýär. 

Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.