Döwre şan beren akyldar

7 Noýabr 2024
293

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek maksady bilen guraldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň forumdaky: «Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletliligimizi mundan beýläk-de berkideris. Beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys» diýen sözleri bolsa biz — ýaşlar üçin Watan şöhratyna şan goşmaga, ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmelere öz goşandymyzy goşmaga çagyryş bolup ýaňlandy.

Bägül BÄŞIMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.