Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilşimiz ýaly, bu resminama dünýäniň 87 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresi geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň: «Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!» diýen sözleri ähli ildeşlerimizi begendirdi.