Ýurdumyzda mallaryň genofonduny aýap saklamaga we artdyrmaga, olaryň önüm berijilik hilini üznüksiz ýokarlandyrmaga hem-de gowulandyrmaga gönükdirilen «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu pudagyň tohumçylyk işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen birlikde, tohum maldarçylygy babatda işleýän döwlet edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň işini düzgünleşdirýär.
Bu Kanunyň 39-njy maddasynda beýan edilen kadalar esasynda ýurdumyzda tohum maldarçylygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan höweslendirmek, bu boýunça edaralara, tohum maldarçylygyna goldaw hökmünde döwlet kepillendirmelerini, ýeňillikli karzlary, salgyt we beýleki ýeňillikleri bermek görnüşinde amala aşyrylýar.