Halkyň bagtyýarlygy — ýetilen belent sepgitler

31 Oktýabr 2024
230

Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Garaşsyz, özygtyýarly Türkmenistanyň kuwwatly döwlete öwrülendigi, halkymyzyň bagtly, eşretli durmuşy biziň ýeten belent sepgitlerimizden habar berýär. Türkmenistan öz halkynyň rahat durmuşy, tutuş adamzadyň bagtyýar, abadan ýaşaýşy, dünýäde parahatçylygyň, dostana gatnaşyklaryň pugtalanmagy ugrunda mundan beýläk hem ähli tagallalary eder» diýlip buýsanç bilen beýan edilýär. Bu sözlere berk eýerilýändigine nobatdaky mejlisiň dowamyndaky berlen hasabatlar hem mysal bolup bilerler.

«Adalat».