Her bir adamyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ynsanperwerlikdir.
Milli kanunçylyk ulgamynyň döwrüň täze talaplaryna laýyk getirilmegi ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanýar. Türkmenistan halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde raýatlygy bolmadyk adamlaryň, şeýle hem bosgunlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça degişli işler amala aşyrýar. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly ýörelgelerinden ugur alnyp, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerilip, 1 müň 146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi, 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip, 5 müň 18 sany daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýändigini, Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýändigini görkezýär. Türkmenistan raýatsyzlygyň öňüni almak boýunça halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirýär. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň kesgitleýji resminamalarynyň ähmiýetli böleginiň agzasy bolmak bilen, Türkmenistanda raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy ugrunda amala aşyrylan netijeli işler aýratyn bellärliklidir. Raýatsyzlygyň öňüni almak babatda Türkmenistanyň goşulyşan halkara konwensiýalarynyň kadalary milli kanunçylygymyza giňden ornaşdyrylýar. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda», «Bosgunlar hakynda», «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda», «Migrasiýa hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», «Haýyr-sahawat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny mysal getirmek bolar.